Tehniki ýod

Daşky görnüşi: gara reňkli metal öwüşginli kristal önümi, bölekleriniň ölçegleri 30 millimetre golaý. 

Bellik: sintetiki kauçuk, himiýa garyndylary, lukmançylyk önümlerini, seýrek metallary öndürmek, şeýle hem önümçilik boýaglary üçin, kino-foto senagatynda we ýörite himiýada peýdalanylýar.

Gaplanylyşy:  Ýod  GOST 8777-80 boýunça dykyz karton kagyzlarynda gaplanylýar, görnüşi 1 LII P, sygymlylygy 28 litre golaý. Faner düýbüniň galyňlygy 5 millimetre golaý hem-de lawsan plýonkaly polietilenden ýasalan içlikli. Şeýle hem GOST 8777-80 boýunça polipropilen çeleklerine gaplanylýar, olaryň sygymlylygy 25 litr, lawsan plýonkadan polietilen içlikli, agramy netto-50kg.

Belgilenilişi: TDS-14192 boýunça ulag belgilenilişi, olara “gyzmakdan goramaly”, “çyglylykdan goramaly”, “germetiki gaplanylan” diýen ýazgylar hem-de önümi häsiýetlendirýän goşmaça ýazgylar goýulýar.

Ulag bilen äkitmek: Ýod üsti ýapyk islendik ulagda, ulagyň şu görnüşinde ýükleri daşamagyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda äkidilýär.

Saklanylyşy:   Ýod önümleri ýapyk ammar jaýlarynda gaplanylan önümlere günüň göni şöhleleriniň düşmegini aradan aýyrýan gaplanylan görnüşde saklanylýar.  

Fiziki-himiki görkezijileri

  Görkezijiniň ady

      Görnüşleri

“A” kysymly

1. Ýoduň düzümi, %-den az bolmadyk

2. Hloridiň we bromidiň düzümi,  %-den köp bolmadyk

3. Organiki maddalaryň düzümi,  %-den köp bolmadyk

4. Gyzdyrylanda galyndysy, %-den köp bolmadyk

5. Suwuň düzümi, %-den az bolmadyk

99,0

0,01

0,08

0,05

0,8

Sertifikaty göçürip al

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär