Ownadylan kükürt

Tehniki şertler TDS 127.5-93 

Ownadylan kükürt oba hojalygynda unlulyk rosa hem-de kryžownikden başga ähli ekinlerdäki sakyrtgalara garşy göreş üçin akafunsisid hökmünde, kükürt görnüşli serişdeleri hem-de garyşyk serişdeleri taýýarlamak we olary eksport etmek üçin ulanylýar.  

Kükürdi gaplamak we belgilemek: Sarp ediji bilen ylalaşylyp, kükürdiň  TDS - 17811 boýunça ýumşak rezin konteýnerlere ýa-da polietilen haltalara gaplanylmagyna rugsat berilýär.

Brutto agramy (40+1) kg.

Kagyz haltalaryň agzy tikilýär, polietilen haltalaryň agzy bogulýar we tikilýär.

Haltalar TDS – 26663-e laýyklykda paketlere ýerlenilýär.

Sarp ediji bilen ylalaşylyp, kükürdi paketlerde ýerlenilmedik haltalarda ulaga ýüklenilmegine ýol berilýär.

Sargyt edilende, şertli belginiň mysaly: oba hojalyk üçin ownadylan kükürt, TDS 127-3-93

Ulagda äkitmek we saklamak:  

Kükürt ulagyň degişli görnüşi üçin hereket edýän howply ýükleri daşamagyň kadalaryna laýyklykda ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýapyk ulag serişdelerinde daşalýar.

Ýagyş-ýagmyrdan goramak şerti bilen ulag serişdeleriniň üsti açyk görnüşleriniň peýdalanylmagyna ýol berilýär.

Eksport üçin niýetlenen kükürdiň şu standartyň ýa-da şertnamanyň talaplaryna laýyklykda ulagda äkidilmegine ýol berilýär.

Kükürt paketlere örülen ýa-da paketlere örülmedik görnüşde haltalara gaplanylyp, aşagynda agaç goýlup saklanylýar.

Üstüne  kükürtli haltalar goýlan agaçlar örülen görnüşde düzülýär. Olaryň arasynda giňligi 0,75 m-den dar bolmadyk geçelge goýulýar, üstünde kükürt goýlan agaçlaryň suw geçiriji turbalaryň we ýyladyjy enjamlaryň ýanynda goýulmagyna ýol berilmeýär.  

Fiziki-himiki görkezijileri:


Görkezijiniň ady

Bellenen möçberi

1. Kükürdiň agram bölegi, %-den az bolmadyk

99,40

2. Myşýagyň agram bölegi, %-den köp bolmadyk

0,000

3. Suwuň  agram bölegi , %-den köp bolmadyk

0,2

4. TDS 6613 boýunça 014H torly süzgüçde galyndysy, %-den köp bolmadyk

3,0

Bellik – 2-nji tablisanyň görkezijisi sarp edijileriň ýa-da gözegçilik edýän edaranyň talaby boýunça kepillendirilýär we kesgitlenilýär.

Sertifikaty göçürip al

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär