Basyşsyz polietilen turbalar

Tehniki şertler TŞ 00039491-01-2011

 

Şu standart basyşsyz polietilen turbalara (mundan beýläk - turbalar) degişlidir. Bu turbalar daşky we içki lagym hem-de wentilýasiýa turbageçirijileri hökmünde peýdalanylýar, turbageçirijiler, polietilen durnukly bolan suwy, howany hem-de beýleki gurşawlary akdyrýar, şeýle hem kabeller çekilende olaryň daşky gaby hökmünde ulanylýar.

Gaplanylyşy, belgilenilişi: Turbalaryň diametrine baglylykda, olar paketlere birikdirilýär ýa-da buhta görnüşinde oralýar.

Her bir paete ýa-da buhta karton ýa-da kagyz ýarlyk berkidilip, onda turbanyň daşky diametri, gapdaky turbalaryň sany birlikde (metr ölçeginde) görkezilýär. Şu standartyň nyşanlary, hile laýyklygynyň nyşany ýa-da laýyklyk sertifikatynyň belgisi görkezilýär.

TDS-141-92 boýunça “Gowşak madda, ägä boluň!” diýen molekulýasyýa ýazgyly ulag belgilenilişi.

Ulagda daşamak we saklamak: turbalar mehaniki zeper ýetmelerden hem-de ýagyş-ýagmyryň täsirlerinden goraglylygy üpjün edýän ulagyň şu görnüşi üçin hereket edýän ýükleri daşamagyň kadalaryna laýyklykda, ulaglaryň dürli görnüşinde daşalýar.

Turbalary suw ulagynda daşamak üçin paketlemegiň göteriji serişdelerini peýdalanmak maslahat berilýär. Turbalar ulagda daşalanda hem-de saklananda, olar    ulag serişdeleriniň üstünde göni hatarlara örülýär, şunda turbalara zeper ýetmez ýaly olaryň ýiti ujy daşyna çykmaly däldir.

 

Fiziki-himiki görkezijileri:

Daşynyň diametri, mm

Diwarynyň galyňlygy, mm

25+0,632+0,9

63+1,5

89+2,0

100+3,0

2+0,53+0,5

4+0,5

6+1,0

6+1,0

Sertifikaty göçürip al

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär