Kislotaly akkumulýatorlar üçin elektrolit

Tehniki şertler TŞ 00203743- 09-2015 

 

Kislotaly akkumulýatorlar üçin elektrolit (mundan beýläk –elektrolit diýlip atlandyrylýar) awtoulag kärhanalarynda gurşun akkumulýatorlaryny doldurmak hem-de bölek söwda üçin niýetlenendir.

Elektrolit reňksiz dury suwuklyk bolup, onuň düzümindäki gaty bölejikleri ýörite enjamsyz görüp bolmaýar.

Gaplanylyşy: agramy (40+1) ýa-da (50+1) kg bolan elektrolitli çüýşeleriň aşagyndan we gapdal tarapyndan saman ýa-da ýumşak agaç ýonuşkalary goýulýar. Her bir tapgyryň haltasynyň agramy deň bolmalydyr.

Elektrolit TŞ-6 -09-5472 boýunça taýýarlanylan aýna çüýşelere ýa-da flakonlara (0080+0,01), (1,40+0,02), (1,50+0,02), (1,70+0,02) kg ýa-da şoňa meňzeş çüýşelere gaplanylýar.  Çüýşeleriň agzy polietilen ýa-da plastmassa gapaklar bilen ýapylýar, şunda hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda, dykyzlandyrylýar.

Çüýşeler ýa-da flakonlar TDS-17573 boýunça gözenekleri emele getirýän fanerden germewleri bolan berk agaç gapyrjaklara gaplanylýar. Gözenekleriň boş ýerleri agaç ýonuşkalary bilen doldurylýar, ondan soňra gapaklary berkidilýär.

Belgilenilişi: Brutto we netto agramy, öndürilen senesi, ulanylyş möhleti, şu tehniki şertleriň nyşanlary, hil laýyklygy nyşany görkezilýär.

Ulagda daşamak we saklamak:  polietilen çeleklere, konistralara, çüýşelere, aýna çüýşelere gaplanylan elektrolit awtomobil ýa-da demir ýol ulagy bilen ulaglaryň şu görnüşleri üçin hereket edýän ýükleri daşamagyň kadalaryna laýyklykda daşalýar.

Elektrolit gummirlenen gaplarda, şeýle hem daşalan polietilen çeleklerinde, konistrlerde, çüýşelerde we aýna çüýşelerde ýapyk ammarlarda saklanylýar.

Elektrolitiň azyk önümleri bilen bir jaýda saklanylmagyna ýol berilmeýär.

Fiziki-himiki görkezijileri:

Görkezijiniň ady

Bellenilen möçberi

2000C-da dykyzlygy, g/sm3

1,270 + 0,005

Demir (Fe) agram bölegi, %-den köp bolmadyk

0,01

Gyzdyrylandan soňra galyndynyň agram bölegi, %-den köp bolmadyk

0,03

Sertifikaty göçürip al

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär