Magniý hloridi

Daşky görnüşi: Garabogaz zawodynda toplumlaýyn gaýtadan işlemek esasynda alynýan hlorly tehniki magniý (bişofit). 

 

Ulanylyşy: senagatyň himiýa, energetika we beýleki updaklary üçin, şeýle hem gurluşyk üçin niýetlenilýär. 

Gaplanylyşy: hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda, ýöriteleşdirilen ýumşak bir gezek ulanylýan, MKR-1. OS; MKO-1. OS; MKR-1, OM; MK-1, OL; MK-1.5L görnüşli bir gatly we köp gatly konteýnerlere ýa-da TDS-17811 boýunça polietilen haltalara, TDS-30090 boýunça kenep-jud haltalara gaplanylýar.

 

Belgilenilişi:  ulag belgilenilişi – TDS-14192 haltalara “Çyglylykdan goramaly” diýen ýazgyny, şeýle hem TDS-19433 boýunça howplulyk nyşanyna belgilemek bilen ýerine ýetirilýär. (dereje 9, pes dereje 9,2 kategoriýa 922).  

Ulag bilen äkitmek: ulagyň bu görnüşinde hereket edýän ýükleri daşamagyň kadalaryna laýyklykda ýapyk ulag serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen wagonlar arkaly amala aşyrylýar.

Saklanylyşy: konteýnerlere gaplanylyp, ýapyk ammar jaýlarynda, konteýner meýdançalarynda saklanylýar.

Fiziki-himiki görkezijileri:

Görkezijiniň ady

                              Bellenilen möçber

1. Daşky görnüşi

Açyk-goňur tegmilli ak we açyk-çal reňkli, balyk teňňesi görnüşli  

2. Magniý-ionlarynyň (Mg+2) agram bölegi, şol sanda Mg Cl2x 6H2O, %-den az bolmadyk

 11,8

97,0

 3. Sulfat-ionlaryň (SO4-2), agram bölegi, %-den köp bolmadyk

1,1 

4. Aşgarlaýjy metallaryň (Na+ + K+) agram bölegi, %-den köp bolmadyk

 0,8

5. Suwda eremeýän galyndylaryň agram bölegi, %-den köp bolmadyk

 0,2

Sertifikaty göçürip al

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär