“Hazar” himiýa zawody

“Hazar” himiýa zawody (ozalky Çeleken himiýa zawody)  1933-nji ýyldan bäri hereket edýär. Bu kärhana ýod önümçiligi boýunça diňe Türkmenistanda däl, eýsem, ozalky SSSR-iň çäklerinde öňdebaryjylaryň biri bolup durýar.

Ilkibada kärhanada ýod, kömrüň üstündäki ergini sormak usuly arkaly öndürilýär. Ýod senagat möçberlerinde 1938-nji ýyldan başlap öndürilip başlandy. 1969-njy ýylda ýyllyk kuwwaty 225 tonna tehniki ýoda barabar bolan ýod önümçiligi boýunça seh ulanmaga berildi. Ol 1995-nji ýylda gaýtadan enjamlaşdyryldy. 1963-1969-njy ýyllarda howa  desorbsiýa usuly arkaly ýod önümçiliginiň senagat sehi ilkinji gezek işe girizildi. Onuň ýyllyk kuwwaty 110 tonna boldy. 1985-nji ýylda synag-senagat bölümi ulanmaga berildi. Onuň ýyllyk kuwwaty 120 tonna tehniki ýoda barabar boldy. 1994-nji ýyldan başlap, “Ç”  kysymly ýody almak boýunça bölüm önüm berip başlady. Onuň ýyllyk kuwwaty 50 tonna boldy.

“Hazar” himiýa zawody tehniki ýoddan we “Ç” kysymly ýoddan başga-da, aşakdaky ýaly görnüşleri bolan önümleri öndürýär:

-ýodly kaliý;

-kaliý ýodaty;

-tehniki uglerod;

-“Ap-ak” agardyjy;

-kalsiý gipohloridi;

-tehniki kislorod.

1976-njy ýylda ýylda 330 tonna kaliý ýodunyň önümçiligi boýunça ulgam işe girizildi. Şeýle hem “ÇDA” we “FK” kysymly ýod kaliýsiniň önümçiligi ýola goýuldy.

1989-njy ýylda hereket edýän tehnologik ulgamda Ukrainanyň “Ýodobrom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň işläp taýýarlamagy boýunça maldarçylyk üçin kaliý ýodatyny almak usulyny işe girizildi. Onuň kuwwaty ýylda 45 tonna boldy. 1996-njy ýylda “ÇDA” kysymly kaliý ýodatynyň tehnologiýasy işlenip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy. Bu önüm azyklyk duzy ýodlaşdyrmak üçin ulanylýar. Bu önümi esasan “Türkmenhimiýa”  döwlet konserniniň “Guwludyz”  kombinaty peýdalanýar.

Ýyllyk kuwwaty 100 tonna “Ap-ak”  agardyjyny almak boýunça tehnologiýa ulgamy “Hazar”  himiýa zawodynyň hünärmenleriniň işläp taýýralamalary esasynda 1988-nji ýylda ornaşdyryldy.

1997-nji ýylda ýylda 20 tonna kuwwaty bolan kalsiý gipohloridiň 10 göterimlik garyndysynyň önümçiligi boýunça synag-senagat bölümi işe girizildi. Bu önüm agyz suwuny hlorlamak üçin ulanylýar.

1998-nji ýylda “Hazar” himiýa kärhanasynyň düzümine tehniki uglerod sehi berildi. Häzirki döwürde tehniki uglerod tehniki ýod bilen bir hatarda srap edijileriň arasynda uly isleglen peýdalanýar.

“K-354”  kysymly tehniki uglerodyň önümçiligi boýunça ulgamyň birinji nobatdakysynyň ýyllyk kuwwaty 9 müň 400 tonna bolup, ol 1964-nji ýylda, ýyllyk kuwwaty 10 müň tonna bolan, ikinji nobatdakysy bolsa 1974-nji ýylda işe girizildi.

Şeýle hem “Hazar”  himiýa zawodynyň düzümine Jebeliň himiýa önümlerini we serişdelderini saklamak üçin niýetlenen himiýa bazasy geçirildi.

 Häzirki döwürde ýod-brom önümçiliginiň serişde binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we onuň önümçilik möçberlerini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenhimiýa”  döwlet konserni halkara bäsleşiginiň jemlerini jemledi we Çelekeniň ýod-bromly suwly känleriniň binýadynda ýyllyk kuwwaty 300 tonna ýody we 4500 tonna broma hem-de bromly öünmlere barabar bolan täze kärhananyň gurluşygy boýunça daşary ýurtly maýadarlary boýunça gepleşikleri geçirýär.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär