“Maryazot” önümçilik birleşigi

“Maryazot” önümçilik  birleşigi azot dökünlerini öndürýän Türkmenistanda ilkinji senagat kärhanasydyr. Ol  1984-nji ýylda ulanmaga berildi. Bu kärhananyň önümleriniň esasy görnüşi ammiak selitrasydyr. Kärhananyň taslama kuwwaty ýylda  450 müň tonna barabardyr. Şeýle hem bu ýerde gije-gündiziň dowamynda her biriniň taslama kuwwaty 600 tonna barabar bolan 2 ammiak önümçiligi bölümi hereket edýär. (Taslama kuwwaty gije-gündiziň dowamynda konsentirlenmedik azot kislotasynyň 1080 tonna barabar).  2005-nji ýylda gije-gündiziň dowamynda 4,5 tonna koagulýant (demir sulfaty) önümçiligi boýunça synag-eksperimental bölümi ulanmaga berildi. 2006-njy ýylda bolsa gije-gündiziň dowamynda taslama kuwwaty 2 tonna kalsinirlenen sodanyň önümçiligi özleşdirildi.

Häzirki döwürde birleşikde öndürýän önümleriň görnüşleri şulardan ybarat: 

-ammiak selitrasy;

-ammiak;

-azot kislotasy;

-suwuk azot;

-suwuk kislorod;

-polipropilen haltajyklary;

-kalsinirlenen soda;

 -koagulýant (demir sulfaty).

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär