“Marykarbamid” zawody

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň  Ýaponiýa bolan saparynyň jemleri boýunça 2009-njy ýylyň 25-nji dekabrynda  “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Plant Sistems Ltd”  we “Sojitz Corporation” kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen  Mary şäherinde  ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň taslamasyny düzmek, enjamlary getirmek we degişli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça tehniki geňeşmeler barada şertnama baglaşyldy. Taslamanyň gurluşyk bölegini hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda gol çeken kararyna laýyklykda Türkiýäniň

“Rönesans Türkmen Inşaat Sanaýi we Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýasy amala aşyrdy. Zawod 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga berildi.

Tebigy gaz önümçiligiň esasy çig maly bolup durýar.

Kärhanada öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we materiallar ulanylýar. Ammiak önümçiligi boýunça tehnologiýany ABŞ-nyň

“Kellog Brown & Root”, karbamid önümçiligini Gollandiýanyň “Stamicarbon” we karbamidi granurlemek boýunça önümçiligi “Uhde Fertilizers Tecnologies” kompanýialary güwälandyrdylar. Olar bu ugur boýunça öňdebaryjy diýlip ykrar edilen kompaniýalardyr.

Hödürlenen tehnologik enjamlarynyň gurnamalaryna bolan has adatdan daşary talaplaryň peselmegini, önümçilige bolan energiýa harçlanyşynyň we ulanyş çykdajylarynyň azalmagyny, şeýlelikde, şunuň ýaly önümçilik boýunça beýleki kärhanalar bilen deňeşdirilende önümçilik galyndylarynyň möçberleriniň peselmegini şertlendirýär.

Döwrebap kärhananyň düzümine kömekçi önümçilik ulgamlary girýär. Olaryň hatarynda himiýa, suw taýýarlyk önümi, KIP we A gurallary üçin gury howanyň önümçiligi, azoty işläp taýýarlamak aýlanýan suwy sowadyş ulgamy we beýlekiler bar.

Zawodyň taslamasy taýýarlananda onuň ekologiýa talaplaryna aýratyn üns berildi. Kärhanada zyňňyndylara gözegçilik ulgamynyň we serişdeleriniň bolmagy netijesinde önümçiligiň daşky gurşawa zyýanly täsiriniň aradam aýyrylmagyny şertlendirýär.

Bu kärhananyň ulanylyşa girizilmegi diňe bir Türkmenistanyň içerki bazaryny degişli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, granurlenen karbamidiň köp bölegini eksporta ugratmaga, şeýlelikde, ýurdumyza gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär