Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody --Türkmenistanda pagtanyň, dänäniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan fosfor dökünlerini taýýarlanýan ýeke-täk önümçilik toplumydyr. Ol 1960-njy ýylda Merkezi Aziýa Respublikalaryny mineral dökünleri bilen üpjün etmek maksady bilen ulanmaga berildi. Şol ýyl kükürt kislotasyny öndürýän ilkinji seh işe girizildi. 1961-nji ýylyň aprel aýynda ýyllyk kuwwaty 247 müň tonna barabar bolan ýönekeý superfosfat önümçiligi ýola goýuldy.
Wagtyň geçmegi bilen bu ýerde önümleriň beýleki görnüşleriniň, şol sanda ammofos, ammofosfat ýaly toplumlaýyn dökünleriň önümçiligi boýunça tehnologiýa özleşdirildi we ornaşdyryldy. 1967-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 350 müň tonna barabar bolan ammonizirlenen superfosfat öndürýän ulgam işe girizildi. Tehniki we lukmançylyk kislorodyna bolan islegleri üpjün etmek maksady bilen, 1966-njy ýylda bu ýerde gaz görnüşli kislorodyň önümçiligi boýunça bölüm işe girizildi. 1971-nji ýylda polietilen önümlerini öndürýän sehde degişli önümler çykarylyp başlandy. 1980-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 157,9 müň tonna ammofos we ekstraksion fosfor kislotasyny öndürýän senagat ulgamy ulanmaga berildi. 1987-nji ýylda ammofos öndürýän ulgam ammofosfat önümçiligi boýunça üýtgedildi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde zawodda fosfor dökünleriniň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. 1994-nji ýylda zawodda ammoniýa sulfatynyň önümçilik tehnologiýasy özleşdirildi.
Daşyndan getirilýän serişdelere (fosfot uny) çykdajylary azaltmak maksady bilen, 1997-nji ýylda zawodyň inžener-tehniki hünärmenleriniň tagallasy bilen, ammoni superfosfatyň önümçiligi boýunça tehnologiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu mineral döküni häzirki döwürde zawodyň önümleriniň esasy görnüşleriniň biri bolup durýar.
Mineral dökünleriniň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, 1999-njy ýylda organomineral dökünleri almagyň tehnologiýasy işlenip taýýarlandy.
Şeýle hem kärhanada bu ýerde bar bolan fosfogibsi gaýtadan işlemek usuly arkaly dökünlik milioranty almak tehnologýiasy işlenip taýýarlanyldy. Fosfor dökünleriniň önümçiligini, şeýle hem Türkmenistanyň sarp edijilerini kükürt kislotasy bilen üpjün etmek üçin 2016-njy ýylda ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna barabar bolan kükürt kislotasynyň önümçiligi boýunça täze seh işe girizildi.
Kärhananyň hünärmenleri ýetilen sepgitler bilen kanagatlanmaýarlar. Bu ýerde granurlenen ammoni superfosfaty almagyň tehnologiýasy taýýarlanyldy. Onuň himiki düzüminde fosfor bilen azotdan başga-da, kükürt bar. Ammoni superfosfaiyň önümçilik möçberleri ýyl-ýyldan ýokarlanýar.
Häzirki döwürde zawodda himiki önümleriň şu aşakdaky görnüşleri öndürilýär:
-Ammoni superfosfaty;
-kükürt kislotasy;
-dökünlik meliorant;
-oksigumat;
-alýuminiý sulfaty (koagulýant);
-kislorod;
-polimer önümleri (polietilen turbalary, plýonkalar we başgalar).
Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär