Mineral dökünler

        Mineral dökünler – dürli mineral duzlar görnüşinde ýokumly maddalaryň hasabyna ösümlikleri iýmitlendirmegi gowulandýarýan hem-de topragyň hasyllylygyny artdyrýan serişdedir, olar öz düzümi boýunça bir ýokumly maddany özünde jemleýän (azot, fosfor, kaliý, mis we beýlekiler) ýönekeý hem-de öz düzüminde iki hem-de ondan köp ýokumly maddalary jemleýän toplumly görnüşlere bölünýär, olar taýýarlaýyş tehnologiýasy babatynda çylşyrymly, çylşyrymly – garyşyk we garyşyk görnüşlerinde bolýar. Mundan başga-da mineral dökünleri ýokumly madlalaryň mukdar düzümi boýunça tapawutlandyrylýar.
        “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bu ugurda ýylyň-ýylyna önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýar. Konserniň kärhanalary tarapyndan içerki bazar üçin hem, daşarky bazar üçin hem önümleri öndürýär.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär