Meliorant

Tehniki şertler       ТŞ 00203743-8-2003

Şu tehniki şertler fosfogipsiň we ammoniý superwosfatyň esasynda alynýan dökün melioranta degişlidir. Dökün melioranty şorlaşan topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin şol bir wagtda meliorasiýa täsiri bilen peýdalanylýar hem-de fosfory, azoty öz düzüminde jemleýär.

Dökün melioranty TDS-2226 boýunça islendik kysymly önümiň goraglylygyny üpjün edýän dört, alty gatly kagyz haltalara, TDS-17811 boýunça açyk polietilen haltalara, TDS-30090 boýunça agramy  (40±1) ýa-da (50±1) kg bolan polipropilen haltalara gaplanylýar. Bir tapgyra degişli bolan her bir haltanyň agaramy birmeňzeş bolmaly.

Sarp ediji bilen ylalaşylyp, önümiň başga görnüşde gaplanylmagyna hem-de belgilenilmegine rugsat berilýär.  

Belgilenilişi: Netto agramy, şu tehniki şertleriň ýazgysy, laýyklyk nyşany ýa-da laýyklyk sertifikatynyň belgisiniň ýazgysy görkezilýär. Haltalary belgilemek ýazmaça usulynda görkezilýär ýa-da belgisi görkezilen ýarlyk tikilýär, olar halta ýelmenilýär ýa-da berkidilýär.

Ulagda äkitmek we saklamak: Dökün melioranty ürgün görnüşinde demirýol ulagy, şeýle hem awtoulaglarda, traktor tirkeglerinde ulagyň şu görnüşi üçin hereket edýän ýükleri daşamagyň kadalaryna laýyklykda daşalýar.

Meliorant döküni ýüklenilende we düşürilende, şeýle hem ammarlarda saklanylanda önümiň beýleki garyndylar düşüp hapalanmagynyň, şeýle hem onuň çyglanmagynyň öňüni alýan çäreler görülmelidir. 

Meliorant döküni saklanylanda ýagyş-ýagmyrlaryň düşmegine ýol bermeýän ýapyk ammar jaýlary göz öňünde tutulmalydyr.

Fiziki-himiki görkezijileri:

Görkezijileriň ady

Bellenilen möçberi

Daşky görnüşi

Çal reňkli önüm

Р2Оumumy fosfatlaryň agram bölegi, %

4±1

Ammonyý azotynyň agram bölegi, %

1-2

Kalsiý sulfatynyň (СаSО4.2Н2О) agram bölegi, %-den az bolmadyk

80

Suwuň agram bölegi, %-den köp bolmadyk

15

Bölejikleriniň möçberi, mm, köp bolmadyk 

30

Seçelenilişi, %-den az bolmadyk

100

Bellik: — Umumy fosfatlaryň we azotyň agram bölekleriniň ýokarky çäklerinden geçilmegine ýol berilýär.

Sertifikaty göçürip al

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär