Chemistry plant in Turkmenabat of named S.A. Niyazov about the new productions launched

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň, himiýa senagatynyň ösüş depginini çaltlandyrmak, ýurdumyzyň importynyň möçberini azaltmak we düzümini kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri giň gerimlerde döretmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, täze kärhanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen bir hatarda, hereket edýän kärhanalaryň binýadynda täze önümçilikleri ýola goýamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenabatdaky S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawody ýurdumyzda baýry kärhanalaryň biri bolup, öz taryhy ýolunda we häzirki wagtda ylmy-tehniki mümkinçiligiň esasy bir düzümi ýokary derejeli hünärmenlere esaslanyp, oba hojalyk pudagy bilen ysnyşykly işleşip mineral dökünleriniň, organomineral dökünleriň, ösümlikleri goraýjy serişdeleriň hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden peýdalanylýan önümleriň bir näçe görnüşini işläp taýýarlady we senagat önümçiligine ornaşdyrdy.
Bu kärhananyň esasy öndürýän önümi – fosforly mineral dökünleri bolup durýar. Kärhanada öndürilýän fosforly dökünler tutuşlygyna ýurdumyzyň bugdaý, pagta we beýleki oba hojalyk ekinleri iýmitlendirmek üçin sarp edijileriň salgysyna iberilýär. Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda hünärmenleriniň çekýän zähmetlerine tutanýerli çemeleşmegi netijesinde esasy önümçiliklerden daşary, halk hojalaygynyň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýan ýokary hilli himiýa önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilikler döredi.

Other news and events:

10.09.2024

Проводится комплексные работы по наращиванию мощностей Производственного объединения «Maryazot»

Read more
29.08.2024

Независимость — национальная гордость

Read more
14.08.2024

Состоялась научно-практическая конференция, посвященная Дню Каспийского моря

Read more

Our specialist will contact you and provide the necessary information.