«Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergisi

                   2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda bellenilýän her bir şanly senä bagyşlanan dürli çäreler – açylyşlar, sergiler, maslahatlar, forumlar, aýdym-sazly çykyşlar hem-de beýleki dabaraly çäreler giňden we uly ruhubelentlik bilen geçirilýär.

            Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda köpugurly halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.

            24-25-nji maýda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu sergi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde täze ösüşler döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimini, şäher gurluşygyny, şäher düzümini kemala getirmek babatda ýetilen sepgitleri, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri, geljekki ösüşleri aýdyň açyp görkezdi.

            Nobatdaky sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň we işewürleriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň köp sanlysy gatnaşyp, öz önümlerini görkezdiler. Şeýle hem sergä Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

            Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mermer paýtagtymyz Aşgabat ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

            Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni hem halkara sergisine işjeň gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň uly ösüşler bilen öňe ilerleýän pudaklarynyň biri hem himiýa pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda täze tehnologiýalara daýanýan, dünýäniň iň öňdebaryjy tehniki enjamlary bilen abzallaşdyrylan kuwwatly himiýa kärhanalary yzygiderli gurulýar. Bu bolsa, diňe bir himiýa senagatynyň däl, eýsem, tutuş senagat pudagynyň ösdürilmegine uly itergi berýär.

           Halkara sergide «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän, ýurdumyzyň oba hojalygyna niýetlenen ýokary hilli mineral dökünler, turba önümleri, ýod önümleri,  ýangyç önümleri, duz önümleri hem-de geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalarda öndürilmegi göz öňünde tutulýan himiki önümleriň nusgalary görkezildi. Bu bolsa sergä     gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredip, olara önümler, olaryň hili, häsiýetli aýratynlyklary we tapawutly taraplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

         Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp guralan bu köpugurly halkara serginiň guramaçylykly we üstünlikli geçendigini bellediler.

Beýleki wakalar we täzelikler:

04.05.2021

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada

Giňişleýin
26.05.2021

Gyzyklandyrma bildirýän maýadar kompaniýalara

Giňişleýin
15.04.2024

Dünýä uzaýan dostluk ýollary

Giňişleýin

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär