Aşgabat — halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty ak mermerli Aşgabat parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň has-da berkeýän şäheri. Bu günki gün onuň sebitleýin we halkara derejede ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýeri hökmündäki abraýy-da barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda bolup geçýän taryhy wakalar hem munuň aýdyň güwäsidir.

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýurdumyza geldiler. Foruma Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem gatnaşdylar.

Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik türkmen söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy açyk diýip yglan etdi hem-de çuň manyly çykyş edip, türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdygyny belledi. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýan bu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmunynyň bardygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen berk baglydygyna aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydygyny, daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň oturdylandygyny belledi.

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjy belent mertebeli myhmanlar çykyş edip, türkmen edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan şeýle abraýly foruma gatnaşmaklarynyň özleri üçin uly hormatdygyny bellediler hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bu halkara çäräni gurandygy üçin hoşallyk bildirdiler.

Olar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydygyny we Gündogaryň beýik akyldarydygyny bellediler. Beýik ynsanperwer şahyryň öçmez-ýitmez eserleri parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ýagşylyk, adalatlylyk ýaly düşünjeleri wasp edip, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşýar. Siziň ýurduňyzyň gazanýan üstünlikleri Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuw-hyýallarynyň hasyl bolandygyny görkezýär diýip nygtadylar. Olar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

Forumyň umumy mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum iri halkara guramalaryň hem-de köp sanly sebit düzümleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýörite mejlis görnüşinde öz işini dowam etdi.

Beýleki wakalar we täzelikler:

04.05.2021

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada

Giňişleýin
26.05.2021

Gyzyklandyrma bildirýän maýadar kompaniýalara

Giňişleýin
15.04.2024

Dünýä uzaýan dostluk ýollary

Giňişleýin

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär