Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasy esasynda ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar we senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu serişdäni bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda 2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda «Türkmenistan» gazetiniň №171 (31106) sanynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak üçin bäsleşik yglan edildi hem-de bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär