2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-5-nji noýabrynda gözel paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergisi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat ýokary derejede geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki dürli wezipeli işgärleri, jemgyýetçilik gurmalarynyň, habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmen energiýa forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralan, giň gerime eýe bolan serginiň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşyk ulgamlarynda eziz Diýarymyzyň gazananlary, belli kompaniýalar tarapyndan hödürlenýän ýöreteleşdirilen enjamlar we beýlekiler oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki döwürde eziz Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrülendigi bellenilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, himiýa senagaty hem ýokary depginlerde ösýär. Pudakda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu serginiň we maslahatyň türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Serginiň iri pawilýonlarynda ýerleşdirilen gurluşyk we senagat toplumynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynda öndürilen döwrebap önümler hem serginiň myhmanlarynda uly täsir galdyrdy. Sergide görkezilen himiýa önümleri özleriniň ýokary hilliligi we hyrydar söýüjilikliligi bilen tapawutlandy. Olar sergä we maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe ynamly gadam urýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly hem-de durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrülýändigini görkezdi.
Türkmenistanyň uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň meselelerine-de uly üns berilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli himiki serişdeleriň, şol sanda mineral dökünleriň önümçiligi ýola goýuldy. Şol bir wagtda iň köp isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak üçin işjeň çäreler görülýär.
Şeýle hem ýokary derejede geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen telekeçileri, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda täze ösüş meýilleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi plenar mejlisiň esasy mowzugy boldy.
Forumyň «Energetika, gaz himiýasyna we dökün önümçiligine ünsi çekmek bilen, uglewodorod çeşmeleriniň monetizasiýasyny we diwersifikasiýasyny çaltlandyrmak» atly 1-nji maslahatynda hem bu ugra degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, möhüm ugurlarda toplanan tejribeleri paýlaşmaga ýardam berdi.
Halkara sergä we köpugurly foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramyny geçirmäge beren goldaw-hemaýatlary hem-de toplumyň pudaklarynyň has-da ösdürilmegi we milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem kuwwatlanmagy üçin özleriniň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen mynasyp goşant goşmaga döredip berýän mümkinçilikleri we şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alkyş sözleri beýan edilýär hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär