Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegine 33 ýyl bolýar. Döwletimiz Garaşsyzlygyny alandan soňra ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribesine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly rowaçlyklara beslenen ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji sentýabrynda agzybir halkymyz bir supranyň başyna jem bolup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik we buýsanç bilen giňden bellär. Garaşsyzlyk – halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Garaşsyzlyk – halkyň ykbaly. Ol halkyň geljegini kesgitledi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bitirilen işler juda köp. Özgertmeler, ösüşler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap aldy, ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Türkmen döwleti öz oýlanyşykly syýasaty bilen dünýä üçin ösüş, hyzmatdaşlyk, dostluk, abadançylyk ýollaryny açdy, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly ösüşleri gazandy. Munuň şeýledigini milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler hem aýdyň görkezýär.
Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwrüne degişlidir. Eziz Watanymyzyň ykbalyndaky täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, himiýa senagaty hem bedew bady bilen ösýär. Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda bu pudagy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu döwürde pudakda iri kärhanalaryň köp sanlysy gurlup ulanylmaga berildi, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenildi we häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Şunuň bilen bir hatarda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hereket edýän kärhanalarynyň binýadynda täze önümçilikler ýola goýulýar, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady we düzümi yzygiderli pugtalandyrylýar.
Türkmenistanyň himiýa senagaty — milli ykdysadyýetimiziň möhüm we çalt depginler bilen ösýän hem-de ýurdumyzyň baý tebigy baýlyklaryna, önümçiligiň innowasion ösüşine we köp ugurly ulag infrastrukturasyna daýanýan pudagydyr.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzümine kaliý, karbamid, ammiak selitrasy, tehniki ýod, ýodlaşdyrylan azyk duzy, nahar duzy, natriý sulfaty, tehniki uglerod, kükürt, kükürt kislotasy we başgalar ýaly mineral dökünleri we himiki önümleri öndürýän iri kärhanalar girýär. Bulardan başga-da, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda dünýäde tebigy gazdan sintetik benzini öndürýän ilkinji zawod gurlup ulanmaga berildi. Bu kärhanada her ýylda «mawy ýangyjyň» 1 milliard 410 million kubmetri gaýtadan işlenilýär hem-de ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ECO-93 benziniň 600 tonnasy öndürilýär.
Pudakda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň nebitgaz, energetika pudaklaryny, oba hojalygyny we beýleki sarp edijileri ýokary hilli mineral dökünler we himiki önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň agzybir we zähmetsöýer işgärleriniň yhlasly zähmet çekip, uly dabaralara beslenip gelýän baş baýramymyzy – Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşy aljakdyklaryna ynanýarys.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär