2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammiti geçirildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri bilen ikinji duşuşygyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilen birinji sammiti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýakyn gatnaşyklarynyň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol taryhy duşuşyga gatnaşyp, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjy goldaýandygyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, yzygiderli geçirilýän işewürlik duşuşyklary we maslahatlary, bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň netijeli işi we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Germaniýanyň Federal Kansleri we Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejedäki ikinji duşuşykda çykyş etdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini bilelikdäki işiň möhüm wezipeleri hasaplaýar.
Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ony ösdürmek we giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ulag-logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman
senagatyny, obasenagat toplumyny, innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Onda kesgitlenen anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.
Himiýa senagaty geljegi uly bolan pudakdyr. Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça german tarapy bilen gepleşikler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu toplumy ösdürmek we doly güýjünde işletmek üçin «Ercosplan», «K-Utec» we «Schachtbau» german kompaniýalarynyň üçüsiniň konsorsiumyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.
Gyýanlydaky polimer zawodyny ösdürmek möhüm taslamalaryň ýene biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we «MAN Energy Solutions» kompaniýasynyň bu kärhanada oturdylan zyňyndy gaz ulgamlaryny abatlamak işlerine german hünärmenlerini çekmek mümkinçiligine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz umuman, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň Germaniýa bilen bilelikdäki işlere gyzyklanma bildirýändigini we oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär