Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halk hojalygyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykardy we himiýa senagatynyň okgunly ösüşine uly itergi berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi.
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, «Maryazot» önümçilik birleşiginiň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler hakynda aýdyldy. Konserniň hünärmenleri tarapyndan mineral dökünleri öndürýän daşky inženerçilik ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak boýunça tehniki tabşyryk taýýarlanyldy.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň mineral dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge, öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini köpeltmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze, döwrebap önümçilikleriň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär