Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halk hojalygyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykardy we himiýa senagatynyň okgunly ösüşine uly itergi berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi.
2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Tejenkarbamid», «Маrykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar daşary ýurtlara eksporta iberilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz, ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky karbamid dökünlerini öndürýän zawodlara toplumlaýyn hyzmat etmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär