Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny aýawly saklamak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işler hem muňa şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň, olaryň daş-töwerekleriniň bagy-bossanlyga öwrülmegini, gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerini giňden dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada uly wezipeleri öňde goýmak bilen, olaryň üstünlikli berjaý edilmegine çäksiz goldaw berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» 867-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl gözel paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda ýazky bag ekmek möwsümi gyzgalaňly geçirildi.
Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda bag ekmek möwsümine uly dabaralar bilen badalga berlip, bu çäräniň guramaçylykly dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Häzirki dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda has hem giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 9-njy noýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda badalga berildi. Bu günde başlanan güýzki bag ekişligiň hem esasy maksady mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmekden, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar.
Her ýylda guralýan bu möhüm çäre Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şu ýylda tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen ýazky bag ekmek çäresine halk hojalygynyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bu çärä gatnaşan ildeşlerimiz bilen bir hatarda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar.
Bag ekişligiň güýzki möwsüminiň badalga berlen gününde konserniň edara-kärhanalarynyň Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýerleşýän bag meýdanlarynda, şol sanda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda saýaly we pürli agaç nahallary oturdyldy. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň töwereklerindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky bag meýdanlarynda 41 müňe golaý golaý baglara ideg edildi.
Ekologiýa abadançylygynyň möhüm şerti bolan köpçülikleýin bag ekmek çäreleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň güýzünde badalga alan bu döwletli işler ajaýyp zamanamyza täze görk berip, mähriban halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär