Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.
Ynha, uly ruhubelentlige, egsilmez joşguna beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu günlerinde külli ilimize hoş habar ýaýrady. Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda bolýan günlerinde «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny, onuň ilkinji nusgasynyň neşir edilendigini buşlady. Bu eseriň ilkinji nusgasy hormatly Prezidentimize sowgat edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iş maslahatynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, täze kitapda halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden we häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly ýoly, geçmişde uly yz galdyran şahsyýetler dogrusynda söhbet edilýär.
Çeper sözüň kerem-gudratyna belent sarpa goýýan Milli Liderimiziň täze eseri taryhy gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda möhüm ädim boldy. Şan-şöhrata beslenen geçmişimize ser salanymyzda dana akyldarlarymyzyň, söz ussatlarynyň bolandygyna göz ýetirýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoly ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde uludan toýlanylýandygy, onuň goşgular ýygyndysynyň neşir edilendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyndaky çykyşynda «Däp bolşy ýaly, zähmet rugsadymda — dynç alyş günlerimde döredijilik işleri bilen meşgul boldum. Kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlarymy kagyza geçirip, täze kitabymy ýazyp tamamladym. Bu kitaba «Hakyda göwheri» diýip at goýdum. Kitabyň many-mazmuny hakynda aýtsam, onda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary beýan etdim» diýip belleýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýär. Haýsy döwri alsaňam, türkmen medeniýeti özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň saldy. Olar dünýäniň taryhynda uly orun aldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halky üçin uly buýsançdyr, belent mertebedir».
Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren, taryhy maglumatlara baý we ylmy nukdaýnazara ýugrulan bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin, düşnükli, çeper beýan edilýär. Halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary baradaky maglumatlary özünde jemleýän bu kitap şu günki we geljekki nesiller üçin gymmatly gollanma bolar.
Biz täze ajaýyp kitabynyň neşir edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlap, galamynyň ýiti, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Goý, ata Watanymyzyň hem-de halkymyzyň her gününi toý-baýrama, şatlyk-şagalaňa besläp, ruhubelentlik bilen bizi bagtyýar geljege alyp barýan belent mertebeli Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt we dünýä ähmiýetli tutumlary mydama rowaç alsyn!
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýola goýulan täze önümçilikler barada
GiňişleýinBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär