“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanda himiki we mineral dökünleri

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanda himiki we mineral dökünleri öndürýän  kärhanalarynyň dolanşygyny ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 24 awgustynda “Türkmenhimiýa” döwlet konsernini döretmek we onuň wezipeleri” diýen  karary esasynda kabul edilip döredildi.

-Mineral dökünleri bilen Türkmenistanyň oba hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmek.

-Ýurt içindäki we eksport üçin mineral dökünleriň we himiki önümleriň dürliliginiň önümçiliginiň göwrümini giňeltmek

- Ýod önümleriniň öndürilmeginiň  göwrümini giňeltmek, mundan başga-da ýokary derejedäki önümleri öndürmek maksady bilen bar bolan ýod-brom baýlyklaryndan kompleksleýin peýdalanmak

-Uglewodorod we başga mineral baýlyklaryndan kompleksleýin peýdalanyp häzirkizaman tilsimatlaryny girizmek

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiki zawodyny, “Tejenkarbamid” zawodyny, “Marykarbamid” zawodyny, “Hazar”himiki zawodyny, “Balkanabat” we “Bereket”  ýod zawodlaryny, “Guwlyduz” kombinatyny, “Maryazot”, “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiklerini, Garlydaky dag baýlaşdyryjy kombinatyny we “Dökünhimiýa” kärhanany, mundan başga-da “Garabogazkarbamid” ýaly önümçilik kärhanalaryny birleşdirýär. Mundan başga-da  Konserniň kärhanalary üçin hünarmenleri taýýarlamak maksady bilen 2012 ýylda Türkmenabat şäherinde tehniki orta hünär mekdebi açyldy.

Biziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär