LOT № 5 «Bug önümçilikde we suwy taýýarlamakda ulanylýan himiki reagentleri»
Bäsleşige gatnaşmak üçin, Türkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly – 132, Türkmenistanyň Senagat toplumy, “Türkmenhimiýa” DK-niň MTÜM-ne 4-nji gat, otag №417:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirilýändigi barada hat üsti bilen gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk salgysy, bellige alnan döwleti we bank salgysy görkezilen ýüzlenme tabşyrylmaly. Ofşor zolagynda bellige alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan ýüzlenmesi kabul edilmeýär.
Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Kanuny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni üçin maddy – enjamlaýyn harytlary getirijileri seçip almak boýunça bäsleşigi geçirmegiň kadalarynyň tertibi bilen tanyşmaly;
Lotlaryň ýöriteleşmesini we Tehniki ýumuşyny almaly;
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmasyz şertinde 200 (iki ýüz) dollar töläp (GBS we bank harajatlar hasaba alynmanda), bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.
Töleg geçirmek üçin hasap-sypatnamasy hat üsti bilen ýüzlenme kabul edilende berilýär.
Bäsleşik tekliplerini ýerli wagt bilen sagat 900 – 1700 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik tekliplerini tabşyrmagyň ahyrky möhleti – ýerli wagt bilen 16.09.2022ý. sagat 16:00 çenli tabşyrmaly.
Ýokarda görkezilen möhletden soň getirilen teklipler kabul edilmeýär we seredilmäge degişli däldir.
Bukjalary bäsleşik teklipleri bilen Aşgabat ş. Arçabil şaýoly – 132, Türkmenistanyň Senagat toplumy, “Türkmenhimiýa” DK-niň MTÜM-ne, 4-nji gat, otag №417 salgysyna eltmeli.
Bäsleşik teklibi 2 (iki) sany möhürlenen bukjada tabşyrylýar. Birinji bukjada tehniki teklibi we şertler, ikinji bukjada söwda teklipleri we şertleri bolmaly. Bäsleşigiň bukjalarynda ähli resminamalaryň PDF formatda skanirlenen görnüşi we Excel formatda ýöriteleşmesi bolmaly.
2022-nji ýylyň 6-nji awgustynda 204 belgili «Neýtralnyý Türkmenistan» gazedinde
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-01-86, 39-02-46, 39-01-85, 39-01-71.
Garyşyk mineral dökünleri öndürýän önümhananyň taslamasy we gurluşygy üçin Halkara bäsleşigi
Doly okaGarlyk kaliý dag-magdan toplumynyň önümçiligi üçin önümleri satyn almak barada aşakdaky lot boýunça halkara bäsleşiginiň möhletini uzaldýandygymyzy yglan edýäris
Doly okaGarlyk kaliý dag-magdan toplumynyň önümçiligi üçin önümleri satyn almak barada aşakdaky lot boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär:
Doly oka“Bereket” ýod zawodynyň önümçiligi üçin önümleri satyn almak barada halkara bäsleşiginiň möhletini uzaldýandygyny yglan edýär:
Doly okaBiziň hünärmenimiz Siz bilen habarlaşyp gerekli maglumaty hödürlär